YKDYSADYÝET

Ýüpekçileriň möhüm möwsümi başlandy

Lebap welaýatynyň gündogar etraplaryň ýüpekçileri gurçuklary idetmäge beýleki etraplardan hem 3-4 gün ir girişdiler. Bu ýyl hem ýüpekçiler kümüşsöw çäje senagat üçin gymmatly çig malyň 1010 tonnasyny goşmagy meýileşdirýärler.

Ýüpekçilikde we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri bolsa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizildi.

 Geçen ýylda lebaply ýüpekçiler 1010 tonnanyň deregine 1060 tonnadan gowrak piläni ýurduň kümüşsöw çäjine goşant etdiler. Munuň özi tutuş ýurtda iň ýokary netijedir.

“Lebapwelaýatýüpek” önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni Şirin Rozyýewa welaýatda piläniň bol hasylynyň ýygnalmagy üçin ýüpekçileriň arasynda guralýan “Ussat pileçi” atly bäsleşiginiň we köpsanly höweslendiriş çäreleriniň hem durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Welaýatda geçen ýylda kärendeçileriň 21 müňden gowragy ýüpekçilik bilen meşgullandy. Bu ýyl olaryň sany öňküsinden hem artdy. Ýüpekçiler gurçuklaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda göwnejaý ideg edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: