YKDYSADYÝET

Ýüpek önümçilik birleşiginde 80 million manatlykdan gowrak iş edildi

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 80 million 92 müň 274 manatlyk önüm öndürildi.

Has takygy, bu döwürde çig ýüpegiň 80 tonna golaýy, nahdyr ýüpek matalaryň jemi 20 müň 200 inedördül metrden gowragy, ýüpek halylarynyň bolsa 24 inedördül metri taýýarlanyldy.

Şeýle-de bu döwürde kärhana boýunça çig ýüpegiň 10 tonnasy, pul hasabynda bolsa 5 million 500 müň manatlygy eksport edildi.