YKDYSADYÝET

Ýüpek matalaryň öndürilişi ep-esli ýokarlandy

2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda Lebap welaýatynda 51,2 müň inedördül metr ýüpek mata öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,1 müň inedördül metr köp bolup, ösüş depgini 41,8 göterime deň boldy.
Ýüpek önümçiligindäki şeýle ýokary ösüş dokma senagatynyň mümkinçilikleriniň giňelýändigini görkezýär. Bu pudakda täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi hem-de ýokary hilli önümleriň öndürilmegi ýurdumyzyň dokma önümleriniň içerki we daşary bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar.