JEMGYÝET

ÝUNISEF lebaply bilim işgärleri bilen okuwlary geçirdi

ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Lebap welaýatynyň bilim ulgamlarynyň hünärmenleri we ýaşlaryň referent toparlarynyň agzalary üçin betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuwlary geçirdi.

Okuwlar BMG-niň dört agentliginiň — Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň, Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan utgaşdyrylýan «Saglygy goraýyş ulgamynda mümkinçilikleri giňeltmek we pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly maksatnamanyň çäklerinde guraldy.

Okuwlaryň dowamynda bilim ulgamynyň hünärmenleri mekdepleriň we okuwçylaryň durnuklylygyny ýokarlandyrjak tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça çäreler barada has düýpli düşünje aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: