Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNISEF-iň hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary, şeýle hem ÝUNISEF-iň sebit merkeziniň hünärmeni Nora Şabani, bilim boýunça hünärmeni Filamona Pereýra we guramanyň Türkmenistandaky merkeziniň bilim işleri boýunça hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda inklýuziw bilimi ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri giňeltmek hem-de degişli usulyýetleri bilim ulgamyna ornaşdyrmak bilen bagly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar inklýuziw bilimi ösdürmek boýunça dünýä ýurtlarynyň tejribesi hem-de Türkmenistanda bu ugurda gazanylan üstünlikler barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda bu ugurda alnyp baryljak hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy we öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şeýle çäreler ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde hem-de ähli çagalar üçin deň mümkinçilikleri döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.
ÝUNESKO-nyň wekilleri TDMI-de boldular
11
Mar

