JEMGYÝET

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi

Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Onda Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň, şeýle-de ýurduň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2021-2023 ýyllar döwri üçin, Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagynyň derwaýys ähmiýeti bellenilip geçildi.

Şunuň bilen birlikde, Ahalteke atlaryny seýislemek sungaty we Türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungaty ýaly gadymy türkmen sungatlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işler dogrusynda hem gürrüň edildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik tory taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň paýtagtyny «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek üçin hödürnamanyň ýagdaýyna hem seredildi.

Bu ugurda, ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» hem-de «Adam we biosfera» atly Maksatnamalarynyň sanawlaryna girizmek üçin Türkmenistanyň degişli hödürnamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamy Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Mejlise gatnaşyjylar Gurama bilen bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň has hem giňeldilmeginiň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle-de Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmeginiň guramaçylyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda şeýle-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň Meýilnamasyna hem seredildi.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: