TÜRKMENISTAN HABARLARY

ÝUNESKO-nyň işine Türkmenistanyň gatnaşmagyny giňeltmek teklip edilýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işine Türkmenistanyň gatnaşmagyny giňeltmek teklip edilýär.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.

Hökümetiň başlygynyň orunbasary, hususan-da, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyny doly möçberde ulanmak hem-de ýurdumyzyň bu guramanyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşine 2021 — 2025-nji ýyllar üçin saýlanylmagyny üpjün etmegiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: