MEDENIÝET

ÝUNESKO-nyň dünýäde ikinji ýörite burçy Türkmenabat şäherinde açyldy

Türkmenabat şäherinde ÝUNESKO-nyň dünýäde ikinji ýöriteleşdirilen burçy açyldy. Şu gün bu burç welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde işläp başlady.

«Türkmenistan ― ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» diýlip atlandyrylýan burçda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen ýa-da awtordaş bolmagynda girizilen gymmatlyklar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilipdir. Burçdan hem görnüşi ýaly, biziň ýurdumyz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýylynyň içinde sekiz sany maddy däl gymmatlygyň abraýly halkara guramanyň sanawyna girizilmegini gazandy.

2015-nji ýylda ýurdumyz taryhynda ilkinji gezek Görogly dessançylyk sungatyny bu sanawa goşdurdy. Şondan bir ýyl soňra Nowruz baýramynyň adamzadyň maddy däl gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegine hem Türkmenistan awtordaş bolup çykyş edipdi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda küştdepdi aýdym we tans dessury, 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungaty, 2021-nji ýylda dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, 2022-nji ýylda türkmen keşdeçilik sungaty tutuş adamzadyň iň naýbaşy maddy däl gymmatlyklarynyň hataryna girizildi. Türkmenistan geçen ýyl Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň hem-de ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň agzalan sanawa girizilmeginde hem awtordaş bolup çykyş etdi.

Dabaranyň myhmany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Türkmenistanyň Gahrymany  Çynar Rüstemowanyň gürrüň berşi ýaly, ÝUNESKO-nyň şeýle ýörite burçy mundan ozal diňe Ermenistanda bardy. Indi bolsa Türkmenabat şäheri şeýle burçuň döredilen ikinji şäheri hökmünde guramanyň taryhyna girdi. Ol Türkmenistan ― ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň maglumat merkezine öwrüler. Geljekde halkara guramanyň degişli sanawlaryna başga-başga milli gymmatlyklarymyzyň girizilmegi bilen, burçuň gerimi we mazmuny has giňeler. Guramanyň şu ýylky maslahaty üçin Türkmenistan türkmen seýisçilik sungaty we Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan ― Garagum şahasyndaky gadymy ýadygärlikler hödürlenilýär. Geljekde bolsa türkmen keçesini, gowurmasyny, kilimini we beýleki gymmatlyklary bu sanawlara hödürlemek boýunça işler alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: