DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

ÝUNESKO Barselona täze dereje berdi

Ispaniýanyň Barselona şäheri ÝUNESKO we Halkara binagärlik birleşigi tarapyndan 2026-njy ýyl üçin Bütindünýä binagärlik paýtagty diýlip yglan edildi.

Bu dereje şäheriň binagärlik, durnukly ösüş gymmatlyklaryna esaslanyp berilýär.

Şeýlelikde Barselonada 2026-njy ýylyň dowamynda ilat köpçüligini çekmäge gönükdirilen köpsanly dabaralar, şüweleňler, sergiler, binagärlik boýunça maslahatlar, açyk gapylar günleri geçiriler. Bu çärelere diňe bir ýerli däl, eýsem, daşary ýurtly ýaşaýjylaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar. Şeýle hem şäherde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän desgalary yşyklandyrmak meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Barselona Kopengagenden we Rio-de-Žaneýrodan soň dünýäniň binagärlik paýtagty derejesini göterýän üçünji şäherdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: