ÝUNESKO ahalteke atçylyk sungatyny hem abraýly sanawyna goşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn, 7-nji oktýabrda Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny tassyklaýan güwänamanyň ýakyn günlerde Arkadag şäherine gowşuryljakdygy barada habar berildi.
Iş maslahatynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizilendigini tassyklaýan güwänamany gowşurmak çäresine, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigi bellenildi.