SPORT WE SYÝAHAT

Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda kiçi bürünç medal gazandy

Türkmen ştangaçysy Ýulduz Jumabaýewa 49 kilograma çenli agram derejesinde Daşkentde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda (2021) kiçi bürünç medalyň eýesi boldy, diýip «orient.tm» ýazýar.

Özbegistanyň paýtagtynda geçirilýän ýaryşlaryň birinji güni Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça federasiýasynyň wekilleri çykyş etmediler. Ikinji güni 49 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanlylaryň ikisi — Ýulduz Jumabaýewa we Bägül Berdiýewa dagylar orta çykdylar. 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda birinji orny eýelän Jumabaýewanyň medal ugrunda göreşmäge mümkinçiligi bardy. Ýöne ol türkmen toparynyň tälimçileriniň tamasyny ödäp bilmedi. Ýulduz silkip götermekde 76 kilogramy göterdi we ýaponiýaly Suzuki Riradan (78 kg) hem-de tailandly Hambao Surodçanadan (86 kg) yza galdy. Türkmenistanly atletka doly derejeli medal alyp bilmedi. Sebäbi itip götermekde ol bir gezek hem aýdan agramyny göterip bilmedi.

Berdiýewa bolsa ondan hem pes netije görkezdi. Ol silkip götermekde 74 kilogramy (bäşinji netije) , itip götermekde 92 kilogramy (sekizinji netije) götermegi başardy. Iki görnüş boýunça umumylykda 191 kilogram agramy göteren Tailandan gelen türgen Hambao Surodçana çempion boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: