• Mon. Sep 28th, 2020

Ýük ulaglary galla oragyna gatnaşdyrylar

Jun 5, 2020

Türkmenabadyň awtoulag kärhanasyna degişli ýük ulaglarynyň hem 135-si öňde duran galla oragyna gatnaşdyrylar.

Olar galla möwsümine doly taýýar edildi. Kärhananyň sürüjiler her ýyl hem ýetişdirilen hasyly kabul ediş harmanhanalaryna daşamaga daýhanlara ýakyndan kömek berýärler. Ulag hyzmatlaryny etmek üçin bolsa mümkinçilikler ýylsaýyn artýar. Kärhanada bar bolan ulaglaryň 25-si soňky ýyllarda satyn alnan «KamAZ» kysymly döwrebap ýük ulaglarydyr. Olar şu güne çenli «Aşgabat ― Türkmenabat» ýokary tizlikli ýoluň birinji tapgyrynyň gurluşygynda ulanyldy.

Şeýle hem kärhanada degişli «Şteýr», «Ford», «ZiL» kysymly ulaglar galla oragy möwsüminde ulanylar. Olar etraplara bölünip berlip, sürüjiler çalşyklaýyn işlärler. Orak döwründe ulaglara tehniki hyzmat etmegiň meseleleri hem häzirden oňyn çözgüdini tapýar.

Поделиться ссылкой: