BIZE YAZYARLAR

Yssy howada saglygyňy goraň!

Şu günler howanyň gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary berjaý etmegi maslahat berýärler:
Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen, açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.
Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň ýa-da saýawan göteriň!
Zerurlyk bolmasa, Gün şöhlesiniň ýitileşýän wagtlarynda, ýagny sagat 11:00-dan 17:00-a çenli aralykda daşaryk çykmaly däl.
Günden goraýjy äýnekleri dakynmak peýdaly.
Tomsuň yssysynda açyk meýdanlara gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.
Howa aşa gyzanda süňňüňizden deriň üsti bilen köp mukdarda suwuklygyň bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýalmagyna hem getirýär. Şonuň üçinem yssy howada günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa suw içmeli.
Tomsuň jöwzaly günlerinde, esasan-da, gartaşan adamlar we 2 ýaşa çenli çagalar bilen daşaryk çykylanda seresap bolmaly.
Yssy howada gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, aşa sowuk içgileri içmek maslahat berilmeýär.

Maýa ROZMETOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.