JEMGYÝET

Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçihanasy bäsleşik yglan etdi

Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki ýurduň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli logotip işläp taýýarlamak we slogan döretmek boýunça bäsleşik yglan etdi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Logotipde we sloganda Türkmenistanyň we Ysraýylyň geçmişi, geljegi, iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklary, şonuň ýaly-da, iki ýurduň halkarynyň özara gatnaşyklary şöhlelendirilmeli. Logotipiň dizaýnyna «Ysraýyl — Türkmenistan 1993—2023 ýyllar» diýen ýazgynyň goşulmagy hökmandyr.

Ýeňijileriň işlerini indiki ýylyň dowamynda ähli resmi çärelerde we diplomatiki missiýanyň resmi dokumetnasiýasynda ulanyljakdygy habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: