BILIM

Ýöriteleşdirilen mekdep okuwçylary kabul etmek üçin resminamalary kabul edi başlar

Türkmenabat şäheriniň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebi şu ýylyň 1-nji iýulyndan şu şäheriň orta mekdepleriň 4-nji we 5-nji synplaryny üstünlikli  tamamlan okuwçylaryň resminamalaryny kabul edip başlar.

Synaglardan üstünlikli geçen 4-nji synpy tamamlan okuwçylar 2022—2023-nji okuw ýylynda maglumat-tehnoloigýa, 5-nji synpy tamamlanlar bolsa — takyk we tebigy (matematika, fizika we himiýa, biologiýa) ugurlara ýöriteleşdirilen synplarda okap başlarlar. Resminamalaryny tabşyrmak isleýän okuwçylaryň şol döwre çenli alan bahalarynyň aglabasy bäşlik bolmaly.

Synaglar awgust aýynyň 15—20-si aralygynda geçirilýär.

Bu baradaky doly maglumatlar «Türkmen gündogary» gazetinde çap edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: