Ýörite topar Seýitnazar Seýdiniň nebereleriniň öýünde myhmançylykda boldy
Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň 250 ýyllyk ýubileýi, ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly maglumatlary ýygnamak maksady bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň, Saýat etrabynyň bilim işgärleriniň we metbugat wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýörite topar şahyryň dogduk mekanynda saparda boldy.
Toparyň şahyryň ata-babalarynyň aram tapan «Mirhaýdar baba» gonamçylygynda bolup, oba ýaşululary bilen söhbetdeş bolmagy, Seýitnazar Seýdiniň ýuwlugy Hüýrpaşa mamanyň agtygy Annasapar aganyň hem-de onuň Aýjan atly gyzynyň öýlerinde bolup, serkerde şahyryň entek çap edilmedik goşgulary bilen tanyşmagy bu saparyň hem netijeli bolandygyny görkezýär. Toparyň agzalary etrabyň Seýitnazar Seýdiniň adyny göterýän 43-nji orta mekdebiniň muzeýinde bolup, bu ýerde şahyryň edebi mirasyna hem-de onuň ýaşan döwrüne degişli maglumatlar bilen hem tanyşdylar.
Iş saparynyň dowamynda Seýitnazar Seýdiniň söwer ýary Hatyjanyň özüniň dokan, şahyra bagyşlap ýazan aýralyk gazallary çitilen halysynyň suratynyň tapylmagy-da aýratyn bellärliklidir.