Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan döredilen ylmy-etnografik ekspedisiýa Lebap welaýatyna iş sapary bilen geldi. Alymlardan, mirasy öwrenijilerden, bilim we medeniýet işgärlerinden düzülen ekspedisiýanyň agzalary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýan gymmatlyklar bilen tanyşdylar.
Saparyň dowamynda muzeýiň bölümlerinde ýerleşdirilen behişdi bedewleriň şaý-sepleri, olaryň döreýiş taryhy baradaky maglumatlar, Jeýhun boýlarynda ýaşaýan ilata mahsus däp-dessurlar, geýim-gejimler, hojalyk esbaplary, iş gurallary hem-de kilim-palaslar içgin öwrenildi. Şeýle-de ekspedisiýa agzalary welaýat etraplarynda bolup, taryhy-medeni gymmatlyklar bilen tanyşdylar we ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşdylar. Söhbetdeşliklerde muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklary çuňňur öwrenmegiň hem-de olary giňden wagyz etmegiň ähmiýeti bellenildi.
Ýörite topar Lebabyň gadymy gymmatlyklaryny öwrendi
19
Mar

