Saglygyňy goramak, sagdyn ömür sürmek her bir ýaşda möhüm bolup durýar. «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýlişi ýaly, ynsan özüni güýç-kuwwatly, ruhubelent, göwnaçyk duýanda, onuň durmuşy we ýaşaýşy has-da gözelleşýär. Saglygyňy berkitmegiň, göwnüňi açmagyň, ruhuňy götermegiň ýönekeý we elýeterli görnüşleriniň biri-de arassa howada ýöremekdir.
Pyýada ýöremeklik bedenterbiýäniň iň bir giňden ýaýran görnüşi bolup, tutuş süňňüňe doly ýazylganlyk berýär. Munuň üçin aýratyn wagt tapmak hem gerek bolanok: irden örüşip, okuwa ýa-da işe ýola düşeniňde, ulaga münmän, howlukman bag-bossanlyklaryň içinden ýöremekligiň aýratyn lezzeti bar.
Sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň saglygyny berkitmäge, uzak ýaşamagyna we dürli keselleriň öňüni almaga oňyn täsirini ýetirýän esasy ýörelgedir. Ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän halkymyzy ruhubelentlikde zähmet çekmäge höweslendirip, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna itergi berýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk hem-de sagdyn bolmagyny gazanmak, sporty we bedenterbiýäni halkyň islegine öwürmek, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hünärmenler ýöremegiň peýdalydygyny we her bir adam üçin günüň dowamynda azyndan 30 minut arassa howada ýöremegiň zerurdygyny belleýärler. Ýöremek arkaly ynsanyň bedeni işjeňleşýär, taplanýar, dem alyş ýollary açylýar, nerw ulgamy rahatlaşýar we ýaramaz duýgulardan saplanýar. Ýöremegiň peýdalary ylmy taýdan subut edilip, ol dürli näsazlyklarda bejergi hökmünde ulanylýar.
Pyýada ýöremegiň, aýratyn hem, göwreli zenanlara peýdalydygyny köp gaýtalaýarys. Munuň sebäbi hem adam ýörände beden synalarynyň hemmesine, şol sanda içki beden agzalara barýan ganyň akymy güýçlenip, olarda bolup geçýän madda çalşygy işjeňleşýär.
Ylgamakdan tapawutlylykda, pyýada ýöremeklik syna asla hiç hili agram salmaýar. Pyýada gezelençler üçin ökjesiz, düýbi düz, rahat aýakgaplary saýlap almaly. Aýakýalaňaç gezelenç etmegiň saglyk üçin peýdasy uludyr. Bilşimiz ýaly, adam dabanynyň aşaky ýüzünde biologik taýdan işjeň zolaklaryň birnäçesi ýerleşýär. Aýakýalaňaç ýöräniňde, olaryň işjeňligi ýokarlanýar. Netijede adamyň şähdi açylýar, içki beden agzalarynyň işleýşi kadalaşýar, synalaryň taplylygyny artdyrýar. Çägeli ýa-da çyg toprakly ýerlerde gezmelemegi halaýan adamda ýasydabanlyk juda az bolýar, otuň ýa-da güneşe ýylaşan topragyň üstünde pyýada ýöremegi endik eden adamlarda bolsa beýnä ganyň inmegi (insult), ýürek-damar keseller kän ýüze çykmaýar. Mundan başga-da, ýygy-ýygydan aýakýalaňaç pyýada gezelençleri edende, dabanlar hem sagdynlaşýar, ökjäniň jaýrylmasy ýaly nähoşluklar ýitip gidýär.
Umuman aýdanymyzda, ýöremek-adamyň iň ýönekeý hem-de tebigy beden maşkydyr.
Tamara MEHREMOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň usulýetçisi.
