Ýörelgämiz ― Watana gulluk
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň — Arkadagly Serdarymyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde berýän tabşyryklary, görkezmeleri, ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň işgärleri üçin hem ýol-ýörelgä öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran bagyşlap geçiren mejlisi hem şeýle möhüm tabşyryklara baý boldy.
Mejlisde hasabat berlişi ýaly, ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň işgärleri ýylyň başyndan bäri öz öňlerinde goýan maksatlaryny amal edip, döwletimiziň asudalygy, il-günümiziň parahat ýaşaýşy üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýärler. Sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen çäreler hem öz oňyn netijesini berýär.
Mejlisde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwlet häkimiýeti, ýerli ýerine ýetiriji hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmek barada beren görkezmelerini durmuşa geçirmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda kabul edilýän çözgütleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygy, hukuk goraýjy edaralaryň işine häzirkizaman tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhümdigi barada aýdylanlar hem iş ýörelgämize öwrülýär.
Arkadagly Serdarymyz kanun çykaryjylyk hem-de hukuk ulanyş tejribesinde bitewi döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle-de türkmenistanlylaryň hukuk düşünjesiniň we medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen hukuk sowatlylygy ulgamynda geçirilen çäreleri netijeli utgaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şu günler ýurdumyzyň prokuratura işgärleri hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp işleýärler. Mundan beýläk hem ähli ukybymyzy, bilimimizi we zehinimizi eziz Watanymyzyň asudalygyny, watandaşlarymyzyň parahat ýaşaýşyny üpjün etmäge bagyşlarys.
Suwhan GELDIMYRADOW,
Türkmenabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi.