Aşgabatda Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ylmy-tehniki bölümleriniň
gatnaşmagynda iki ýyllyk ýer taslamasy bilen tanyşdyryş maslahaty geçirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) bu taslama ylmy we tehniki taýdan goldaw berýär. Synag meýdançasyny Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky hojalykda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Ol ýerde eýýämtaýýarlyk işleri başlanypdyr. Bu ýerde topragyň himiki düzümini kesgitlemek, ekinlere gözegçilik we adaty hem az ekilýän ekinleriň hasyllylygyny, şeýle hem ýeriň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin toprakdan nusga alnyp derňeler we agronomik çäreler geçiriler.
Ýolötende BMG-niň synag meýdançasy dörediler
30
Sep
