Ýurdumyzda her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyndan gözbaş alýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň bezegine öwrülen ýollar gözel paýtagtymyzy ähli welaýat merkezleri, şäherler we şäherçeler bilen birleşdirýär. Döwrebap ýollarda iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşýan adamlaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.
Ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Serdar RAHMANOW,
Hojambaz etrap polisiýa bölüminiň Döwletli şäher polisiýa bölümçesiniň
polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň ýolbaşçysy, polisiýanyň uly leýtenanty.

