BIZE YAZYARLAR

Ýollar asuda — iller abadan

Her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi berkarar döwletimizde adam hakynda bimöçber alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Çünki ýol hereketiniň düzgünleriniň we talaplarynyň berk berjaý edilmegi häzirki wagtda tutuş dünýäde aýratyn üns merkezinde duran meseleleriň biridir.  Bu ugurda öňde duran möhüm wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýollarymyzyň abadançylygyny we rahatlygyny ýokarlandyrmaklyga, ulag infrastrukturasynyň has-da sazlaşykly işini üpjün etmeklige gönükdirilen çäreleriň birnäçesi geçirildi. Şeýle ähmiýetli işlere dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň, dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň agzybirlikde gatnaşmaklary bu çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigi ýene-de bir gezek görkezýär.

Bu biraýlygyň hut ýylyň sentýabr aýynda geçirilmeginiň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Sebäbi  şu  aýda  täze okuw ýyly başlanýar, çagalar mekdeplere, ýaşlar okuw jaýlaryna köpçülikleýin gatnap başlaýarlar. Mekdebe ilkinji gezek barýan körpeler  uly şäherlerdäki çylşyrymly ýol geçelgelerini kesip geçenlerinde, çatryklardan geçenlerinde belli bir kynçylyklara duçar bolýarlar. Şeýle ýagdaýlarda herekete gatnaşyjylaryň howpsuzlygy gazanmak maksady bilen bilim edaralarynda, okuw jaýlarynda dürli mazmunly çäreler geçirildi. Ol çärelerde degişli gulluklaryň wekilleri ýollaryň haýsy ýerinden geçilmelidigini, haýsy ugurlar bilen hereket edilmelidigini çagalaryň dykgatyna ýetirdiler. Ýylyň-ýylyna geçirilýän şeýle ähmiýetli işleriň oňyn netijä eýe bolýandygy bizi has-da buýsandyrýar.

Goý, ýollarymyz abadan, ömürlerimiz rahat bolsun!

Ogulgeldi Weliýewa,

Halaç etrap maliýe we ykdysadyýet bölüminiň hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: