- ESASY HABARLAR

Ýolagçylaryň hyzmatynda VIP wagonlar

Şu ýylyň birinji fewralyndan «Türkmendemirýollary» agentligi ýolagçy otlularynda VIP wagonlarynyň işini ýola goýdy.

VIP wagonlarynda ýolagçylara adatdakylarynyňkyda bolmadyk goşmaça hyzmatlaryň birnäçesi hödür edilýär. Mysal üçin, agşamlyk nahary, alkogolsyz içgiler hödür edilýär. Olar isleglerine görä, çaý ýa-da kofe hem buýrup bilýärler. Şonuň ýaly-da, kupelerde bir gezeklik şypbyklarб süpürgiçler hem-de ýokary hilli ýapynjalar hem goýlan. Ondan daşary ýolagçylar syýahat döwründe WI-Fi hyzmatlaryndan peýdalanyp, kinofilmlere tomaşa edip, islän aýdymlaryny hem diňläp bilýärler.

VIP wagonlarynyň kupeleriniň her birisi dört adama niýetlenendir.

«Türkmendemirýollary» agentliginde ýolagçylara amatlyklary döretmegiň üstünde yzygider aladalanýarlar. Bu ýerde Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda ýolagçy otlularyna internet ulgamy arkaly petekleri satmaklyk ýola goýuldy. Şeýle usul bilen VIP wagonlaryna hem petekleri satyn almak bolýar.