BIZE YAZYARLAR

Ýol-ulag infrastrukturasy ýylsaýyn depginli ösüşlerde

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adamlaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hem ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap ýollaryň gurluşygynyň amala aşyrylmagy netijesinde, pudagyň işine möhüm ähmiýet berilýär. Ýollaryň asuda, abadan bolmagy üçin durmuşa geçirilýän bu beýik işler hormatly Prezidentimiziň kabul eden Maksatnamalarynyň esasyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda raýatlarymyzyň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly geçirilýär.

Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň dowamynda ýaşlara öwüt-ündew etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündirmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidigini nygtamak, ýolyşygyň düzgünlerini, ähmiýetini düşündirmek maksady bilen guralan bu çäre hemmeler üçin örän täsirli bolýar.

Ulag ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýeti pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmegi möhümdir. Asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda ýol-ulag infrastrukturasy ýylsaýyn depginli ösýär. Hemme ýerde döwrebap ýollaryň, ýerasty we köpri kysymly pyýada geçelgeleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ulaglaryň tizligine gözegçilik etmek üçin, duýduryş belgileri, ýol çyralary we wideoýazgy enjamlary oturdylýar.

Ýolda bolmak hem sürüjileriň, hem pyýadalaryň ünsli bolmagyny talap edýär. Şonuň üçin ýol polisiýasynyň işgärleri ilat arasynda yzygiderli maglumat we düşündiriş işlerini alyp barýarlar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we teleýaýlymlar bu ugurda geçirilýän çäreleri giňişleýin beýan edip durýar. Merkezi köçelerde oturdylan uly monitorlarda ýol hereketiniň düzgünleri baradaky wideoşekiller hem görkezilýär.

Kerwen ýollary bu gün gara ýola, demir ýola, hat-da howa ýollaryna hem öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigini, bu ugurda geçirilýän bir aýlygyň çärelerine ähli ildeşlerimiziň işjeň gatnaşýandyklarynda, halkymyzyň abadan, sagdyn ýaşaýşy üçin durmuşa geçirilýän çäreleriň her birinde aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap binalar, ýollar gurlup ulanylmaga berilýär. Eziz Diýarymyzyň ösüşlere eýe bolýan döwründe ulag serişdeleri hem artýar. Ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Bu düzgünleriň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem her bir raýatyň borjy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýol hereketiniň düzgünlerini pyýadalaryň we sürüjileriň arasynda giňden wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, guralýan bu biraýlyk çäreleri indi berkarar döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň maý aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça käbir kanunçylyk namalaryna hem üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu hem ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegini ýola goýmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Suhanowa Gülbahar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy