BIZE YAZYARLAR

Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriniň sany barha köpeldi. Esasan hem, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Şu günler tutuş ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly çäreler geçirilýär. Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly maslahatlar geçirilýär.

Okuw jaýlarynda ýol hereketiniň düzgünlerini giňişleýin düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Şeýle hem ilatyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri we olaryň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlar barada gürrüňdeşlikler geçirilýär.

Biraýlygyň maksady – raýatlaryň ýol hereketiniň kadalary barada bilimlerini artdyrmak, düzgün bozmalaryň öňüni almak we ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisine hormat goýujy gatnaşyklary kemala getirmek.

Bir aýyň dowamynda ýurdumyzyň tutuş çäginde – umumy sapaklar, seminarlar, oýunlar, bäsleşikler, sergiler we mowzuklaýyn muzeýler geçiriler. Çagalar hem ýetginjekler bilen işlemäge aýratyn üns berler.

Biraýlyga ýol gözegçilik gullugynyň hem-de lukmançylyk edaralarynyň işgärleri hem gatnaşýar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mysal üçin, 2022-nji ýylyň maý aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakyndaky» we Türkmenistanyň «Administratiw düzgün bozmalar hakynda Türkmenistanyň Kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär.

Kadalaşdyryjy-hukuk binýadyň kämilleşdirilmegi raýatlaryň we sürüjileriň Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegini gazanmakda ybaratdyr.

Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri we degişli ýol-ulag infrastrukturasyny gurmak boýunça hem maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallaryň biridir. Sebäbi, asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.

Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň

stomatolog lukmany Çölliýew Mergen Orazgeldiýewiç