Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde «Ýol hereketiniňhowpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde maslahat geçirildi. Çärä welaýatyň we Türkmenabat şäheriniň polisiýanyň ýol gözegçilik gulluklarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň hem-de iri jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmegiňynsanyň saglygyny we ömrüni goramakdaky ähmiýeti, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň onuň howpsuzlygyny üpjün etmekdäki borçlary we şahsy jogapkärçiligi barada giňişleýin düşündiriş berildi.
«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly maslahat geçirildi
11
Sep

