- UNCATEGORIZED

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk başlandy

Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk başlandy. Her ýyl sentýabr aýynda geçirilýän biraýlygyň ilkinji güni ir ertirden polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen pyýada ýöriş guradylar. Olar bellenilen aralygy ruhubelent ýagdaýda geçdiler. Ýörişiň soňy welaýatyň sungat işgärleriniň biraýlygyň başlanmagy mynasybetli guran aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.

Türkmenabat şäher häkimliginde bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen maslahatda hem biraýlygyň dowamynda bilelikde alnyp barylmaly işler, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglaryna gatnaýan körpelere ýol hereketiniň kadalaryny öwretmegiň, olary berjaý etmeklerini gazanmagyň meselelerine seredildi. Şonuň ýaly-da, ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri bilen bilelikde alnyp barylmaly işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda biraýlygyň başlanmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde, 64-nji çagalar bagynda boldular we köçeleri kesip geçmegiň düzgünlerini düşündirdiler. Soňra mekdep okuwçylary ýol hereketiniň gözegçiligi gullugynyň ýolbaşçylygynda gatnawly köçeden geçmek endiklerini kämilleşdirdiler. Körpeler bilen bolsa ýol belgileri goýlan meýdanda okuw geçdiler.

Biraýlygyň dowamynda şeýle çäreleriň uly toplumyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Поделиться ссылкой: