Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda ýurduň ýokary synplarynyň okuwçylary
üçin täze okuw gollanmalarynyň ýene-de üçüsiniň çapdan çykandygy habar berildi.
Habarda ýazylyşy ýaly, 11-nji synplar üçin türkmen dili we dünýä taryhy, 12-nji synplar üçin
bolsa fransuz dili dersiniň okuw kitaplary çap edildi.
Täze gollanmalar ýakyn günlerde ýurduň orta okuw mekdeplerine paýlanyp berler.
Ýokary synp okuwçylary üçin täze kitaplar çapdan çykdy
29
Jan
