Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
Strategiýa ýokary bilimiň dolandyrylyşyny halkara ülňülere laýyk kämilleşdirmek, sanly we innowasion usullary ornaşdyrmak, professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Strategiýany amala aşyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Ýokary hünär bilimi ösdürmegiň 2026 ― 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy
20
Oct
