YKDYSADYÝET

Ýokary hilli, owadan we berk

«Ýedi dogan» haryt nyşanly kraft kagyzlaryň gaplama önümçiligi alnyp barýan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän kärhanada ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan kraft haltalar, dürli görnüşli we ölçegli kraft torbalar, 7 görnüşli iýmit önümlerini we dürli sowgatlyklary gaplamak üçin islege görä kesilip berilýän kagyzlar öndürilýär. Doly güýjünde işledilende, sagatda 13 müň kagyz torba çykarmaga ukyply bolan bu kärhanada, 1 aýyň dowamynda 2 milliondan gowrak önüm öndürilýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär. 

Kärhanada önümçilik maksady bilen üç sany çig mal — kagyz, ýelim, reňk peýdalanylýar. Olaryň adam saglygyna zyýansyzlygy barada kärhana halkara ISO güwänamasy hem gowşuryldy.

«Ýedi dogan» haryt nyşanly kraft kagyzlary berkligi, ekologiýa taýdan arassalygy, tebigata we adam saglygyna zyýansyzlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Kagyz torbalaryň iň kiçisi 3 kilograma çenli, iň ulusy bolsa 12 kilograma çenli agyrlykda ýük götermäge niýetlenendir.

Üstümizdäki ýylyň dowamynda «Ýedi dogan» haryt nyşanly kraft kagyzlaryny gaplaýan kärhana öz önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: