TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ýokary basyşly gaz geçirijiniň gurluşygyna girişildi

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary umumy uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçirijiniň gurluşygyna girişdiler.
Ol Üçajy gaz käninden gözbaş alýar we Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenendir.
Stansiýanyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berilipdi. Şu ýylyň 22-nji martynda geçirilen hökümet mejlisinde onuň şu ýyl ulanylmaga tabşyryljakdygy barada aýdylypdy.
Bu etrabyň çägindäki elektrik stansiýalaryň ikinjisi bolar. Mundan birnäçe ýyl ozal gurluşygy dowam edýän desganyň ýakynynda «Lebap» döwlet elektrik stansiýasy ulanylmaga tabşyrylypdy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply