«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynda sebitiň senagat taýdan özleşdirilýän meýdançalaryndaky ýerasty suwlarda uly gorlary jemlenen, gymmatly çig mal bolan ýoddan taýýar önümleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.
Kärhanada geçen ýylyň jemleri boýunça 7 million 6 müň manatlykdan gowrak önümler öndürilip, meýilnama 115 göterim berjaý edildi. Sarp edijilere ýetirilen önümleriň möçberi 7 million 943 müň manatlykdan geçip, bu baradaky görkeziji 133 göterim boldy.
Bu ýerde ýola goýlan önümçilik üçin zerur bolan çig mal serişdeleriniň ählisiniň diýen ýaly ýurdumyzyň çäklerinde ýeterlik bar. Göwherli ýaşyl galamlar, lukmançylyk pamyklarynyň dürli görnüşleri, ilkinji lukmançylyk kömeginiň ýörite tassyklanan düzümde gaplanan gutulary hem sarp edijileriň yzygiderli ýetirilýär. Ukraina, Azerbaýjan, Täjigistan, Owganystan, Özbegistan, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary kärhananyň önümlerine uly isleg bildirýärler.
Bu barada «Balkan» gazeti habar berýär.

