YKDYSADYÝET

YÖB Türkmenistanda üç sany onlogiýa merkezini gurmaga ýardam berer

Yslam Ösüş Bankynyň (YÖB) Ýerine ýetiriji müdirler geňeşi agza ýurtlarda täze ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 368,98 million ABŞ-nyň dollarynyň bölünip berilmegini tassyklady.

Bankyň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, YÖB toparynyň başlygy doktor Muhammet Al Jasseriň ýolbaşçylygynda geçirilen 356-njy mejlisde Türkiýedäki, Türkmenistandaky we Surinamadaky taslamalar tassyklandy.

Hususan-da, Türkmenistan ABŞ-nyň 156,3 million dollary möçberinde YÖB-niň maýa goýumy arkaly ýokary hilli onkologiýa hyzmatlaryny özünde jemlejek we lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak üçin onkologiýa merkezleriniň üçüsini gurmak bilen bu ugurdaky mümkinçiliklerini has-da giňelder.

Taslama gündelik stasionar hyzmatlaryny 33% ýokarlandyrar, ýylda 11,750 hassa üçin rak keselini bejermegiň hilini gowulandyrar we keselleri ep-esli azaldar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: