LUKMANÇYLYKTÜRKMENISTAN HABARLARY

YÖB Türkmenabatdaky onkologiýa merkezini gurmak üçin maddy goldaw berer

Yslam ösüş banky we Türkmenistan rak keselini bejermäge ýöriteleşen üç sany döwrebap hassahananyň gurluşygy üçin 156,3 million amerikan dollar maliýe serişdelerini bölüp bermek boýunça şertnama gol çekdiler. Ylalaşyk Waşingtonda Rahymberdi Jepbarow bilen Yslam Ösüş bankynyň prezidenti Mohammed Al Jasser-iň arasynda geçirildi.

Taslamanyň umumy bahasy 259 million dollar bolup, 11 müň 750-den gowrak hassany kabul etmäge niýetlenen täze, döwrebap hassahanalar ýurduň Balkanabat, Türkmenabat we Mary şäherlerinde gurular.
Ylalaşyk, 2024–2027 ýyllar üçin «Yslam ösüş bankyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyk strategiýasy» boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak maksady bilen Halkara pul gaznasynyň we Yslam ösüş bankynyň her ýylda geçirilýän ýygnaklarynyň çäklerinde gol çekildi. Yslam ösüş banky Türkmenistanyň energetika we saglygy goraýyş ýaly dürli ugurlarda ösüşini işjeň goldaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: