MEDENIÝET

Ynsanperwerlik we parahatçylyk türkmeniň mukaddes ýörelgesi

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlanyp Lebap welaýat kitaphanasynda ”Parahatçylyk, abadançylyk, agzybirlik – türkmen halkynyň baş ýörelgesi” ady bilen brifing geçirildi. Bu çärä Türkmen gündogary gazediniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işgärleri, türkmen edebiýatyny öwrenijiler, welaýatymyzyň tanymal şahyrlary we talyp ýaşlar
gatnaşdylar. Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alynyp barylýan, parahatçylyga daýanýan Döwlet syýastynyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgesiniň, metbugat sahypalarynda beýan edilişi, Beýik Pyragynyň döredijilik dünýäsi şeýlede häzirki zaman edebiýatynda ýaşlara adamkärçilik, watançylyk, millilik ugrunda terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan “Medeni
mirasymyz – ruhy hazynamyz” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Halkymyzy bagtyýar zamanada ýaşadýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.