Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen bedewleriniň şöhraty äleme ýaýylyp, şu günlere gelip ýetdi. Olaryň aýratyn çydamlylygy, täsin güýji, deňi-taýy bolmadyk gözelligi dünýä äşgär boldy. Güneşli Diýarymyz bedew atlaryň mekany saýylýar. Türkmeniň ykbaly olar bilen aýrylmaz bagly bolupdyr. Damarynda türkmen gany bolan adam hiç wagt bedewe haýwan diýmändir, oňa iň ýakyn syrdaşy hökmünde hormat goýupdyr.

XIX asyryň birinji ýarymynda wenger alymy, syýahatçy Arminiý Wamberi türkmen topragyna syýahat edip, bedew atlarymyz barada şeýle ýazypdyr: «Bu ajaýyp jandarlar olara sarp edilen irginsiz zähmete degýändirler. Hakyna garanda, türkmen sährasynyň ogullary bu täsin ýaradylan jandarlary öz şirin janyndan hem eziz görýärler. Olaryň ýüwrükligi, çydamlylygy barada aýdylýan sözler asla galp ýa aşa çişirilen boş  gürrüňler däldir».

Rowaýata görä, aty Isgender Zülkerneýi dokuz gezek ölümden halas edipdir. Ýüreginden orun beren mähriban bedewiniň söweşde wepat bolan ýerinde serkerde uly şäher bina edipdir.

Bedew atlar akylly, düşbi jandar hasaplanylýar. Gadym zamanlarda serkerdeler söweşe gitmezlerinden ozal öňde goýan maksadyny atyna aýan edip, oňa sala salypdyrlar. Saýlap alan ýolunyň dogrudygyny ynsan ýürekli bedewi bilen sessiz-üýnsiz üm bilen düşünişip, aňlapdyrlar .

Hakyň gudraty bilen ýaradylan bu täsin jandarlar gapdallaryna, yzyna gaňrylmazdan näme ahwalatyň bolup geçýändigini  görüp bilýärler. Üns beren bolsaňyz, käwagtlar atlar ýerde aganap, iki ýana  bulanyp oýnaýarlar. Ýagyrnysyny ýere berip, ol gapdalyndan bu gapdalyna agdarylmagy bilen ol bedeniniň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Şeýtmek bilen olar özlerini diýseň gowy duýýarlar.

Türkmenistanda  Türkmen bedewiniň baýramyny uly dabara bilen belläp geçmek indi asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynda ganatly bedewlerimiziň bäsleşikleri ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär. Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bolsa bedew atlarymyza hormatdan nyşandyr.

 Ençeme asyrlaryň dowamynda ýüwrük atlar ata-babalarymyzyň hem şatlykly, hem kyn günlerinde ynamdar ýoldaşy bolup gelipdir. Nusgalyk edebiýatymyzda, gadymy golýazmalarda olaryň waspy edilýär. Häzirki günlerde hem bedewler döredijilik adamlarynyň ylham çeşmesi bolup gelýärler.

 

Feruza Hanowa,

Lebap welaýatynyň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: