BIZE YAZYARLAR

Ynsan saglygynyň goragynda

Adam saglygyny gorap saklamak köp babatda arassaçylyga bagly bolup durýar. Ilat arasynda inçekesele garşy göreş çärelerini guramak saglygy goraýyş işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Näsaglara öz wagtynda lukmana ýüz tutup, degişli bejergi alan halatynda, bu keselden gutulyp bolýandygyny bellemek zerurdyr. Dogry iýmitlenmek, yzygiderli hereketde bolmak, zähmet bilen dynç alşy kadaly utgaşdyrmak, özüňi rahat saklamak, sport bilen meşgullanmak arkaly bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan badyna lukmana ýüz tutmak inçekeselden goranmagyň esasy şertleridir.
Syrkaw adam asgyranda, üsgürende, tüýkürende inçekesel howa-damja ýoly bilen sagdyn adamlara geçip bilýär. Kesel beýleki ýollar bilen ýokuşmaýar, nesil yzarlamaýar. 2 hepdeden hem köpräk wagta çeken üsgülewük, tiz horlanmak, işdäniň peselmegi, ysgynsyzlyk, çendenaşa derlemek, ganly gakylygyň gelmegi, gijelerine näsagyň gyzgynynyň 37-37,5 derejä çenli ýokarlanmagy ýaly keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan badyna lukmana ýüz tutmaly. 2, 6, 8 aýlap lukmanyň gözegçiliginde doly we dogry bejergi almaly. Bejerginiň arasy kesilse, näsagda keseliň dermana durnukly görnüşleri emele gelýär, ony bolsa bejermek has kyndyr.
Inçekeselli näsagy gös-göni lukmanyň gözegçiligi astynda we çalt bejermegi göz öňünde tutýan DOTS maksatnamasy näsagyň bellenilen dermanlary saglygy goraýyş işgäriniň ýanynda içmegini şert edip goýýar.
Mekdebe çenli we mekdep ýaşlaryndaky çagalarda inçekeseli anyklamak üçin Mantu barlagy geçirilýär. Käbir çagalarda sanjym edilen ýeri adaty bolmalysyndan has beter gyzarýan wagty hem bolýar. Şeýle ýagdaýda ata-eneler howsala düşmeli däldirler, lukman bilen maslahatlaşyp, degişli barlaglary geçirmelidirler. Sanjym ýeri gyzaran çagalaryň aglabasynda inçekesel ýüze çykarylmaýar. Bu ýagdaý çaga bedeninde inçekeseliň taýajyklarynyň bardygyny aňladýar, emma sagdyn durmuş şertleri berjaý edilse, ol bu kesele duçar bolman hem biler. Tersine, çaganyň iýmitlenişi kadaly bolmasa, ol keselläp biler. Şeýle çagany sporta uýgunlaşdyrmaly we onuň iýmitlenişine köpräk üns bermeli. Çagada bu kesel anyklanylan ýagdaýynda, derhal bejergi almaly. Adamyň saglygy üçin howply hasaplanylýan inçekeseliň bejergisi biziň ýurdumyzda mugtdur.

Meret ŞAKULOW,
Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.