BIZE YAZYARLAR

Ynsan saglygynyň aladasy

Ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenýän seneleriň biri-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň günüdir. Her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenip geçilýän bu sene mynasybetli diýarymyzyň ähli ýerlerinde aýdym-sazly dabaralar, baýramçylyk duşuşyklarydyr maslahatlar geçirilýär. Saglygy goraýyş maksatly desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralary bolsa, ulgamyň hünär baýramçylygyna özboluşly öwüşgin berýär.
Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy döwrebap ösüşleriň belentliklerine çykdy. Ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, şeýle-de “Ene mähri” merkezleri guruldy. Bu zatlar saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýandygynyň, ilatyň saglygyny berkitmek we ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ugrundaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň alamatydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenjek Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde hem ulgama degişli iri desgalaryň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda girişiler. Döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, saglygy goraýyş desgalaryň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berip, ilatyň saglygy hakda ummasyz alada edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Oguldurdy RÜSTEMOWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň newropatolog
lukmany.