Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ata Watanymyzda soňky ýyllarda saglyk ulgamynyň günsaýyn kämilleşýändigi raýatlarymyzda çuňňur buýsanç döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sagdyn beden we sagdyn ruh Allatagalanyň ynsana eçilen baýlygydyr. Sagdyn durmuş ynsan bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr. Adam üçin iň gymmatly zat saglykdyr.
Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak boýunça işler, zyýanly endiklere garşy göreşler giň gerimde alnyp barylýar we bu baradaky mesele ilkinji nobatda durýar. BSSG-niň senenamasyna seredenimizde, maý aýynda saglyk bilen bagly umumadamzat günleriniň has kändigini görýäris. Has takygy, maýyň ikinji şenbesi ― Bütindünýä gipertoniýa garşy göreş güni, 12-nji maý ― Halkara şepagat uýalarynyň güni, 15-nji maý ― Halkara maşgala güni, 31-nji maý bolsa Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş günüdir.
Hawa, döwleti agzybir sagdyn maşgalasyz, güler ýüzli, il saglygy üçin gije-gündiz zähmet çekýän şepagat uýalarsyz göz öňüne getirmek hem kyn. Şeýle-de ynsan saglygy ugrundaky göreş, ýurduň binýadynyň berk bolup, geljegi ugrundaky göreşdir.
Biziň ýurdumyzda hem zyýanly endiklere garşy göreş boýunça uly işler alnyp barylýar. «Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we bu Kanun hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanyp, güýje girizildi. Kanun döwlet ähmiýetli, halk bähbitli bolup, adamlaryň saglygy, ömrüniň, emläginiň howpsuzlygy, durmuş taýdan
üpjünçiligi giňişleýin göz öňünde tutulan.
Neşekeşligiň, çilimkeşligiň bütin Ýer ýüzünde ýazgarylýan ýowuz beladygy bellidir. Adam bedeninde çilimiň hem heläkleýji täsirine duçar bolmaýan agza ýokdur. Çilim aşgazanyň, gyzylödegiň we beýleki iýmit siňdiriş agzalarynyň başly ýaralarynyň, öýkeniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär.
Halkyň saglygy hakynda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň çilimkeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreşmek ugrunda taýsyz tagallalar edýär. Neşe serişdelerini aradan aýyrmak, zyýanly endiklere, howply keselleriň, ýagny öýkeniň howply täze döremeleriniň öňüni almak maksady bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde işler amala aşyrylýar. Biz – lukmanlar hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, mundan beýläkde jogapkärli kärimizde ildeşlerimiziň saglygy ugrunda, ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi ugrunda jogapkärli zähmet çekeris.
Goý, şeýle abadan, bagtyýar durmuşy peşgeş beren, watandaşlarymyzyň sagdyn geljegi ugrunda ummasyz aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, her tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Hamra AHMEDOW,
Dänew etrap hassahanasynyň onkolog lukmany.