BIZE YAZYARLAR

Ynsan hukuklarynyň kepili

Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzda kabul edilýän  we hereket edýän kanunlar bolsa,  gönüden-göni raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. 
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň milli kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan, öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanun taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 
Raýat  kanunçylygy Türkmenistanyň milli hukuk ulgamynyň wajyp, iň esasy  pudaklarynyň biridir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Raýat kodeksi 1998-nji  ýylyň 17-nji iýulynda kabul edilip, ol 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilipdi. Bu Kodeksiň  taryhy ähmiýeti barada aýdylanda, ol bazar gatnaşyklaryny,  hususyýetçiligi ösdürmekde täze döwri alamatlandyrýan wakalaryň biri boldy. Kodeks eýeçiligiň ähli görnüşleriniň, raýat-hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň deňligi we şertnamanyň erkinligi ýörelgelerini jar etdi. Döwrebaplaşdyrylyp kabul edilen Kodeks bilen  tanyşanyňda, onda ulanylýan adalgalara milli kanunçylygymyzyň tejribesine laýyklykda düşünjeleriň berilmegi we olaryň mazmunynyň doly açylyp görkezilmegi bilen Kodeksiň mazmun taýdan baýlaşdyrylandygyny görmek bolýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan  amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen Kodekse haýyr-sahawat işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýan bap goşulyp, onda haýyr-sahawat şertnamasyň görnüşini we mazmunyny kesgitleýän kadalaryň beýan edilmegi Kodeksde haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadynyň öňe ilerleýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda täze kanunlaryň kabul edilmegine badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Nurmuhammet DURDYÝEW,
Türkmenabat şäheriniň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.