LUKMANÇYLYK

Ynsan beýnisi barada az bilinýän maglumatlar

Agramy, ortaça, 1400 gram bolan ynsan beýnisiniň kuwwaty hem, hyzmaty hem çäksizdir. Onuň 75 göterimi suwdan durýar. Adam beýnisinde, ortaça, 86 milliard neýron jemlenýär. Neýronlaryň arasyndaky maglumat akymy sagatda, takmynan, 400 kilometre deňdir. Beýniniň membranalarynyň arasynda aýlanýan goraýjy serebr-spinal suwuklygy her gün täzelenip durýar. Göz bir wagtyň özünde beýnä 1,5 million maglumat iberýär. Her gözde 130 million yşyk alyjy öýjük bardyr. Bu ýere gelen habarlar görüş degna ulgamynyň üsti bilen beýnä ýetirilýär. Beýni özüne iberilen agyry signallaryny bedeniň beýleki agzalaryna iberýär, ýöne yzany özi duýmaýar.
Alymlaryň belleýişleri ýaly aşyk bolmak beýnini işjeňleşdirýär, zehin sowallary, krosswordlar, tapmaçalar bolsa türgenleşdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: