YKDYSADYÝET

“Ynamly eller” hususy kärhanasynda üç aýyň dowamynda 40 tonna önüm öndürdi

Türkmenabat şäheriniň 1-nji senagat zolagynda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Jumadurdy Annamyradowa degişli bolan «Ynamly eller» hususy kärhanasynda binalaryň bezegleri üçin niýetlenilen boýaglaryň dürli görnüşi öndürilýär.

Şeýle-de bu ýerde içerki we daşarky boýaglardan müşderileriň islän reňkini kompýuter arkaly taýýarlap bermek hyzmatlary hem ýerine ýetirilýär.

2017-nji ýylda işe başlan bu hususy kärhanada 7 görnüşli daşarky, 6 görnüşli içerki, 2 görnüşli astar we içerki bezeg boýagy, 1 görnüşli sintetiki boýag öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. «Ynamly ellerde» şu ýylyň geçen üç aýynda hem ýokary hilli boýaglaryň 40 tonna golaýy öndürilip, içerki bazarlara ugradyldy.

Hususy kärhananyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, daşary ýurtlardan getirilýän boýaglaryň ornuny tutýan önümlerine isleg barha ýokarlanýar. Önümçilik Türkiýede öndürilen enjamlar arkaly awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: