YKDYSADYÝET

«Ynamly eller» hususy kärhanasynda boýaglaryň 15 görnüşi öndürilýär

«Ynamly eller» hususy kärhanasynda geçen aýda suw emulsiýa boýaglarynyň 48 tonnasyny öndürdiler.

Hususy kärhanada 7 görnüşli daşarky, 6 görnüşli içerki, 2 görnüşli astar we içerki bezeg boýagy, 1 görnüşli sintetiki boýag öndürilýär. Geçen ýyl öndürilen önümiň möçberi 376 ýakynlady. Bu ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 110 tonnadan hem köpdür.

Kärhananyň hünärmenleri müşderileriň islegi boýunça gerekli reňkli boýaglary taýýarlap bermek hyzmatyny hem edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: