Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň
Ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen pähimi häzirki döwürde has-da uly ähmiýete eýedir. Bu paýhasda ylym-bilimiň uly ösüşleriş ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň ylmy esaslandyrmalary täze mazmun bilen barha baýlaşdyrylýar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemekde, Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda, şeýle-de ýurdumyzyň bilim kuwwatyny ýokarlandyrmakda mugallymlaryň öňünde uly wezipeler goýulýar. Ata-babalarymyzyň geçmişde bitiren beýik işleri bilen dünýä ýüzünde öçmejek yz galdyran bilimli, ylymly adamlar bolandygy aýdyň hakykatdyr.
Birnäçe beýik alymlaryň, akyldarlaryň we danalaryň, pelsepeçileriň türkmen topragynda çeken zähmeti, amala aşyran ähmiýetli işleri diňe bir türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasy däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň ösüşi ne goşant bolup durýar.
Beýik rus alymy Ý. E. Bertels Magtymguly Pyragynyň döredijiligini Jemşidiň jamyna meňzedipdir. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi örän baý bolup, söz ussadynyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan eserleri, adamkärçiligiň, watançylygyň, salykatlylygyň nusgasy bolup, müdimi ýaşap gelýär.
Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgam barha rowaçlanýar. Şol sanda ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde uzak aralykdan aralaşmak üçin saýtlar, portallar döredilýär. Olardan peýdalanyp talyp ýaşlar gündelik nazary we tejribe sapaklarynda alýan bilim maglumatlarynyň üstüni özbaşdak doldurmaga, sapakdan daşary, öz gyzyklanmalary boýunça maglumatlardan peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar. Bu saýtlar we torlar beýleki daşary ýurt okuw mekdepleri bilen sanly ulgam arkaly birikmäge, özara okuw sapaklaryny we ylmy maslahatlary guramaga mümkinçilik berýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň tapgyrlarynyň barşynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Bu bilim portallary elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Şonuň ýaly-da, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryň elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo–audio materiallar, interaktiw–multimedia programmalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Döwrebap innowasion tehnologiýalaryň, okuw-terbiýeçilik işlerinde sanlylaşdyrylan bilim ulgamynyň kemala gelmegi uly mümkinçilik hasaplanýar. Bu mümkinçilikleriň çäginde umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge degişli usulyýet toplumlary döwrebap öwüşginde innowasion çeşme bilen täze görnüşe eýe bolýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Bu bildirilýän ynamy ödemäge ukyply nesilleri taýýarlamak mugallymlaryň borjudyr.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen boljakdygynyň güwäsidir.
Häzirki döwürde dörediji, gurujy, oýlap tapyjy, gujur-gaýratly ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy ugurlarynyň biri. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty,abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýmek bilen, ýaşlara ynanýar, olara bil baglaýar. Ýaş nesliň döwrebap ylym-bilimli, giň gözýetimli bolmagy, täze tehnologiýalardan baş alyp çykmagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Häzirki wagtda ylym-bilime sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy nesillere döwrebap bilim bermekde ähmiýetlidir.
Häzirki günde dünýä halklarynyň aglaba bölegi halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalardan we internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda sanly ykdysadyýet bäsleşige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar.
Bu ugruň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmagynyň, Diýarymyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmeginiň hatyrasyna belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň agzasy
Madina Saparowa