BIZE YAZYARLAR

Ylymlar gününde jemi jemlenmeli bäsleşik!

Ylym we bilim – bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hemde nesilden-nesle geçiren, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr diýip Milli Liderimiz belleýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hünärmenleriň gözýetimini giňeltmegi, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy başarmagy, talyplaryň bilim derejeleriniň ýokary bolmagyny talap edýär.
Häzirki döwürde ylmy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ýurdumyzda yzygiderli ylmy maslahatlar, ylym we bilim sergileri, okuw maslahatlary we dürli bäsleşikler geçirilýär. Biziň bilim ojagymyz bolan Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebimizde hem Ylymlar gününe bagyşlanyp bäsleşik yglan edildi. Bäsleşigiň esasy şertleri bolsa talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň ylmy nutuklary, ylmy işleri we sergileri bilen çykyş etmeklerinden ybaratdyr. Bäsleşige gatnaşjak ýaş alymlar özleriniň işlerini bäsleşigiň eminlere toparyna bererler. Emin agzalary bäsleşige gatnaşan mowzuklaryň derwaýyslygyna, olaryň netijeliliginiň iş ýüzündäki ähmiýetine, ylmy täzeligiň derejesine baha bererler. Bäsleşigiň jemi bolsa ýagny ýeňijileri yglan etmek dabarasy Ylymlar gününiň bosagasynda bolar.
Biz ýaşlaryň abadan durmuşda ýaşamagymyz üçin mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.

KERIMOWA Lolahan,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: