Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň täze tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýändikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde hem ýaş hünärmenleriň biliminiň, başarnygynyň ýokary derejede bolmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz: «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýip parasatlylyk bilen belleýär. Munuň özi bolsa ylym-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjä anyk we täzeçe many öwüşginlerini çaýýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenlere aýratyn üns berilýär. Hut şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň giň dünýä garaýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime ýokary depginde ornaşdyrylýar. Şeýle hem okatmagyň multimedia-interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgeleri üstünlikli ösdürilýär. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar bilim ulgamyna ýokary depginde ornaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dürli ugurlary öz içine alýan kämil hünärmenler taýýarlanýar, okatmagyň multimedia-interaktiw usullary ýola goýulýar.
BABALYÝEWA Aýgözel,
Seyitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Mekdebe çenli bilim we terbiye hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

