Häzirki zaman dünýäsinde döwletleriň bäsleşige ukyplylygy, ykdysady kuwwaty we jemgyýetçilik durnuklylygy hut ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmyň we bilimiň abraýyny artdyrmak, ony önümçilige ornaşdyrmak we sanlylaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýaşlaryň innowasion ideýalaryny we ylmy gözleglerini goldamak üçin ähli şertler döredilendir.
Bilim ulgamynda innowasion ösüş diňe bir döwrebap tehnologiýalary ulanmak däl, eýsem halypalyk mekdebiniň asylly däplerini täzeçe pikirlenmek bilen utgaşdyrmakdyr. Halypa mugallym hökmünde biziň esasy wezipämiz — talyplara diňe bir taýýar maglumatlary bermek däl-de, olarda ylmy-barlag endiklerini ösdürmek, emeli intellekt, uly maglumatlar (Big Data) we sanly ulgamlar bilen işlemek ukybyny kemala getirmekdir. Okuw prosesine ornaşdyrylýan interaktiw platformalar we sanly gollanmalar talyplaryň ylmyň iň soňky gazananlaryny çalt özleşdirmegine ýardam edýär.
Talyp ýaşlar hökmünde biz döwletimiziň we halypalarymyzyň döredip berýän bu innowasion gurşawyndan ruhlanyp, ylmyň dürli ugurlarynda özüňi kämilleşdirmäge çalyşýarys. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýetiň we innowasiýalaryň ösen eýýamynda, talyplaryň start-ap taslamalary, ylmy bäsleşikleri we hakatonlyklary tejribe bilen nazaryýeti birleşdirýän esasy köprüdir. Biz diňe bir öwreniji bolman, eýsem milli programmalaryň, sanly çözgütleriň we innowasion önümçilik usullarynyň döredijilerine öwrülmelidiris.
Ýurdumyzda ylym we bilim önümçilik bilen aýrylmaz baglanyşykda ösdürilýär. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi resminama dolanyşygyny ýeňilleşdirip, wagt tygşytlylygyny we işiň netijeliligini ýokary göterdi. Tehnologiýalar merkezleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň we döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegi ýaş alymlaryň we innowatorlaryň täze nesliniň ýetişmegine kepil geçýär.
Biz — geljekde hem öz bilimimiz, tejribemiz we döredijilikli zähmetimiz bilen eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge we ylym dünýäsinde täze üstünlikleri gazanmaga çalyşarys.
Milli bilim syýasatyny dabaralandyrýan, ýaşlara ylym ýolunda uly goldaw berýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň mugallymy Myrat Hudaýberdiýew we 123-nji okuw toparynyň talyby Ýakubow Ýakup.

