Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen, milli ylym-bilim ulgamynyň
hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp
görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär.
Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynyň” çäklerinde ylmy barlaglaryň binýatlaýyn we nazary arabaglanyşygy işjeňleşdirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, onuň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksadymyzdyr.
Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr diýip, milli Liderimiz belleýär. Şoňa görä-de, syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ylmy kuwwatyň yzygiderli artdyrylmagyny, hünärmenleriň gözýetimini giňeltmegini döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy başarmagyny, ýagny ýokary bilimli we hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär.
Biziň ýaşaýan zamanamyz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň, döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter, multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş
tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, netijede, bilim ulgamyny täzeçil ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýyl ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, olarda täze hünärleriň açylmagy, hünär bilimleriniň ugurlarynyň giňeldilmegi bu babatda alnyp barylýan anyk işleriň
mysaly bolup durýar.
Milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, olara halkara ölçeglere laýyk
hünär derejesini bermek wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwrenmek meselesine aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda maslahatlar, ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň halkara guramalar, dürli döwletleriň diplomatik wekilhanalary, okuw merkezleri bilen guraýan çäreleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýadyny iň oňat dünýä tejribesi, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, baý taryhy we medeni mirasy düzmelidir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ylym- bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňemegi üçin ähli şertleri döretmek, dürli
pudaklar üçin ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri çözmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbaly, ylym-bilimiň çalt depginde ösýän, adam paýhasynyň ýokary sepgitleri gazanýan döwründe ýaşaýan we zähmet çekýän häzirki hem-de geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin ýokary jogapkärçilik duýgusyna ýugrulandyr.
Jeren ÖWLÝAKULYÝEWA,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki
tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
