BIZE YAZYARLAR

Ylym öwrenmeklige çäk ýokdyr

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen ata Watanymyzda dürli pudaklar boýunça uly işler gazanylyp, röwşen geljege sary bedew bady bilen öňe barylýar. Şol bir sanda bilim ulgamyndaky özgerişikler hem bizi buýsandyrýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda täze sepgitlere ýetmek üçin, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek zerurdyr. Ösen tehnologiýalar döwründe ýaşap, bilim alýan ýaşlaryň dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryna erkin erk etmekleri guwançlydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň tehniki binýady innowasion tehnologiýalar bilen pugtalandyrylýar. Okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanyp, bilim berlişiniň dünýä derejesine ýetirilmegini gazanmak mugallymyň esasy wezipeleriniň biridir.
Bilim edaralarynda sanly tehnologiýalary gündelik durmuşymyza girizmek işleri ýörite maksatnamalar boýunça yzygiderli alnyp barylýar. Bu babatda etrabymyzyň orta mekdeplerinde hem köp işler amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde her bir mekdepde sanly maglumatlary alyşmagyň ýeke-täk torunyň döredilýänligini bellemek gerek. Bu günki gün mugallymlarymyz özleriniň ähli resminamalaryny we sapakda ulanjak görkezme esbaplaryny elektron görnüşe geçirdiler. Şeýle-de ýakyn wagtda dürli temalar boýunça kompýuteriň özi test düzýän internet programmasyny ähli orta mekdeplere ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Mekdep mugallymlarynyň elektron žurnalyna geçip başlamagy hem sanly ulgamyň durmuşymyza barha giňden ornaşýandygyna şaýatlyk edýär. Ähli mekdepleriň elektron žurnallary soňlugy bilen ýeke-täk ulgama, etrap bilim müdirligine birikdirilýär. Bu bolsa okuwçylaryň sapaklara gatnaşygyna we ýetişigine gözegçiligi talaba laýyk amala aşyrmaga ýardam berer.
Ynsana tebigata öz-özüne hem-de durmuşa akylýetirijilik, paýhaslylyk, zähmetsöýerlik, yhlaslylyk mahsusdyr. Onuň özeni bolsa köp okamak, ylym öwrenmek, kämil hünäre eýe bolmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ýaly gymmatlyklarda jemlenýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän bagtyýar nesliniň döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, belent ruhly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Oguljan GARÝAGDYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň fizika we şekillendiriş sungaty mugallymy.