Ylym – hakykaty öwrenýär
Maks Plankyň, Ernest Rezerforduň, Makswelliň, Nýutonyň, Nils Boruň,
Eýnşteýniň beýik açyşlary adamyň dünýä baradaky pikirini üýtgedýär. Elbetde, fizikanyň dilini bilmeseň, matematiki pikirlenme ukybyň bolmasa, olara düşünmek aňsat hem däl.
Çünki ylym – hakykaty öwrenýär. Hakykatda bolsa bölek-büçeklik däl-de, tutuşlyk bar. Ähli ylymlaryň düýbi bir. Matematika bilen saz, dil bilen logika, biologiýa bilen taryh – aslyýetinde şol bir daragtyň şahalary ahyryn. Şonuň üçin hem alym näçe beýik bolsa, ol şonça-da bularyň baryndan hem baş çykarýar. Şahalar – ikinji derejeli zat. Düýbünden habarly alym üçin şaha soňky çykan zatdyr. Ylmyň esasy
serişdesi – akyl. Akyl duýgynyň ýaşyrýan zatlarynyň üstüni açýar. Şonuň üçin hem hakyky ylmyň netijesine açyş diýilýär.
Pelsepesiz sungat bolmaýar. Pelsepesiz ylym hem bolmaýar. Iň uly, iň beýik fizikleriň, matematikleriň, biologlaryň özboluşly pelsepäni esaslandyryjylardygy, ýagny akyldarlardygy möhüm zatdyr. Sebäbi alym öz ugruny düýpli öwrendigiçe, ol tebigatyň hem hakykatyň düýbüne aralaşýar. Şol «düýp» hem pelsepäniň mülküdir
W.Wernadskiýniň «Ylmy pikir planeta hadysasydyr», «Ýeriň biosferasynyň we onuň töwereginiň himiki gurluşy» diýen düýpli işleri bar. Ýeriň ýüzündäki ýaşaýşyň «adamlaşmagy» Zeminiň millionlarça ýyllyk taryhynda täze bir uly döwür. Wernadskiý adamzady Älemiň taryhyndaky düýpli täzelik hasaplaýar.
Çünki adamyň işi Zeminiň geologiki ýaşy bilen ölçäniňde juda ujypsyz wagtyň –100–150 müň ýylyň içinde saýýaramyzy düýpgöter özgertdi. Ol täze bir giňişligi «noosferany» – akyl giňişligini döretdi. Akyl bir adamyň teniniň çäginden çykýar, beýleki akyllar birleşýär. Noosferanyň doly kemala gelmegi üçin alym iki şertiň bitmegi gerek diýýär: adamyň tebigatdan doly we gutarnykly saýlanmagy hem-de adamyň öz içinde paýhasyň pes instinktlerden ýokary galmagy. Adamzadyň taryhynda mundan ozal bolmadyk bitewülik noosferanyň emele gelşini
çaltlandyrýar. Näme diýsegem, XX asyrdan öň bitewi adamzat ýokdy. Dürli materiklerde, dürli medeniýetlerde ýaşaýan halklar bir-birinden üzňediler. Her bölegiň öz ösüş prosesi we öz ösüş logikasy bardy. Olar bir-birine baglanyşyksyz ösýärdiler. Emma XX asyr munuň soňuna çykdy. Halklary, medeniýetleri bir-birine baglap goýdy. Baglanyşyk ýok ýerinde meňzeşlik, parallellik bolup biler, ýöne hiç mahal tutuşlyk, umumylyk bolmaz.
Beýik Ernest Rezerford radioaktiwligi düşündirdi. Onuň düýp manysy sada sözler bilen aýdylanda şuňa syrygýar: radioaktiwligiň energiýasy uranyň içindäki atomlardan gelip çykýar. Rezerforda çenli energiýa daşdan gelýär hasaplanýardy.
Öňki döwürlerde adamzat energiýany daşyndan alýardy, indi ýaşaýyş üçin zerur energiýanyň çeşmesi adamzadyň öz içinde bolýar. Ol çeşme – akyl-paýhasdyr.
Selbi Ismailowa,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň matematika, informatika mugallymy.